Obanyň çetindäki köneje jaýyň penjiresinden her agşam bir ýaşuly aýal uzakly gün ýola seredip oturardy. Onuň öňünde bolsa saralan, emma gaty arassa saklanan bir kagyz durardy. Ol kagyzda bary-ýogy bir söz ýazylgydy: "Geler..."
Bir gün goňşy gyzjagaz ondan sorady:
— Ene, näme üçin her gün diňe şol kagyza seredýärsiň? Onuň dowamy ýok-la?
Ene dymdy. Soňra agyr ysgyn bilen başyny galdyryp, gyzjagaza şeýle diýdi:
— Gyzym, bu dünýäde iň uly hasrat — bitmedik işler ýa-da aýdylmadyk sözler däldir. Iň agyr hasrat, garaşmaga başlap, soňunda nämä garaşanyňy unutmakdyr. Men bu kagyza her gün seredenimde, ýüregimdäki şol "Geler" diýen umydyň sönmezligi üçin göreşýärin.
— Ýöne kim geler, ene? — diýip, gyzjagaz bilesigelijilik bilen ýene sorady.
Ene gözlerinden syrygyp gaýdan bir damja ýaşy süpürdi-de, pessaý ses bilen:
— Belki, ýitiren ýaşlygym, belki öten mährim, belki-de hiç wagt dolanmajak geçmişim... Kimdiginiň ähmiýeti ýok. Esasy zat — garaşmagyň özi bir durmuşdyr. Emma ýürek bir gezek "Gelmez" diýen sözi kabul etse, şol gün ynsan hakyky ölümi dadyr.
Gyzjagaz enäniň titräp duran ellerine seretdi. Şol pursat kagyzdaky "Geler" sözi gözýaş damjasy bilen garylyp, kagyzyň ýüzünde ýazylyp goýlan däl-de, bitmedik bir ykbalyň gany ýaly bolup göründi.
📚 Edebiýat
dowamly bolsun
Sagboluň