Gidäýseñ hem tiziräk dolan.
Aýak yzlañ ýel çalmanka geljek bol.
Ýadap ýalñyzlykdan düze çykaýsam,
Sen depämden ýagmyr bolup injek bol.
Yssy mähriñ erksiz goýdy dünýämi.
Sen bolmasañ undup barýan gülmäni.
Köp eglenip üzme umyt düwmämi,
Duýman durkam "geldim Gülüm"-diýjek bol.
Posalaryñ ýylysy bar lewlemde.
Bagtly men çenden aşa söýlenme.
Lewziñ taşlap ýat gujakda köwlenme,
Wada berdiñ, wepasyny görjek bol.
"Adam başy-daşdan gaty"-bolsada,
Agyr güni dözme ejiz gursaga.
Göz ýaş gizläp sen geläýjek pursada,
Syryganda bagtdandygny biljek bol.
Sensizlikden agarmasyn saçlarym.
Kütelmesin Didäm bu göreçlerim.
Kömür bolup ýanaýmanka içlerim,
Köwser kimin sen dadyma ýetjek bol.
Duýman durkam "geldim Gülüm"-diýjek bol
📚 Edebiýat
Gitme!
Teswir goşmak üçin giriş ýa-da agza boluň.
Heniz teswir ýok. Ilkinji teswiri siz goşuň!