Şol geçen günleriň hekaýasyny,
Ýalňyzlykda, ýekelikde okaýan.
Hyýalymda bolsa armanlarymdan,
Hiç kime düşnüksiz haly dokaýan.
Bagtlydym.
Bagtym üçin kaýyldym men bar zada,
Aýazlaram, sowuklaram ejizdi.
Hasrat meň söýgime gözün gidirip,
Şatlygymy, begenjimi egisdi.
Duýman galdym.
Birden ýaşdy Aýymam,
Döredi köňülde aýralyk dagy.
Ýogsam indi gunçalapdy söýgimiz,
Entäk açylmanka gurady bary.
Gynanamok.
Gowlugadyr bar zatlar,
Hemişe tümlükde gezmez durmuşym.
Iň bolmanda bu ýollaryň soňunda,
Günüň şöhleleri sypar-a başym?!
Ýok.
Nalamok maňa berlen ömürden,
Ýanmasam söýginiň gadram bolmazdy.
Kim bilýär?
Şol günler bolmadyk bolsa,
Galamymam beýle zatlar ýazmazdy.
📚 Edebiýat
Ayralyk
Teswir goşmak üçin giriş ýa-da agza boluň.
Heniz teswir ýok. Ilkinji teswiri siz goşuň!